S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti |
Görnüş | Döwlet uniwersiteti |
---|
Gurulan ýyly | 1930 |
---|
Ozalky ady(atlary) | oba hojalyk instituty(1998-nji ýyla çenli) |
---|
Fakultetler | 6 |
---|
kafedra | 16 |
---|
salgy | 744012, 143, (Görogly) köçesi 2009, Aşgabat ş , Turkmenistan |
Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti ýa-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti ýa-da diňeje Oba Hojalyk uniweristeti Türkmenistanda iň uly ýokary okuw jaýlarynyň biri. Uniwersitet ekerançylyk ugruna ýöriteleşdirilen. Uniwersitet Türkmenistanyň birinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.
Taryhy
1930-njy ýylda Aşgabat şäherinde Oba Hojalyk instituty ady bilen açylýar.
1998-nji ýyla çenli institutyň ady Mihail Kalinin diýlip atlandyrylýar. 1998-nji ýylda uniwersitet statusy berilýär we ady şu wagtky adyna üýtgedilýär.
2012-nji ýylda CLAAS ady bilen türgenleşik okuw merkezi açylýar.[1]
Fakultetler we kafedralar
Uniwersitetiň 6 fakulteti we 16 kafedrasy bar. Uniwersitetdäki alymlaryň käbir ýerine ýetirýän işleri:
- pagtanyň we dänäniň ýokary hasylyny almak üçin gowaçany we bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň täze tilsimaty;
- tohumçylyk; ýüpekçilik; mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak we olaryň keselleriniň garşysyna göreşmek;
- suwy dolandyryş desgalarynyň, Garagum derýasynyň, "Altyn asyr" Türkmen kölüniň gurluşyny hem-de ulanylyşyny kämilleşdirmek;
- suwy tygşytly ulanmagyň ähmiýetli usullaryny önümçilige ornaşdyrmak;
- oba hojalyk tehnikalaryny ygtybarly ulanmak we olary aýawly saklamak;
- maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek.[2]
Tertip Nr
|
Fakultetler
|
Kafedralar
|
1. |
Oba hojalyk tehnikalary fakulteti |
Ýokary derejeli tehnikalar kafedrasy
Tehnologiki enjamlary abatlamak kafedrasy
|
2 |
Mirapçylyk we suw gurluşygy fakulteti |
Mirapçylyk kafedrasy
Suw desgalarynyň gurluşygy kafedrasy
Ýer serişdeleri kafedrasy
|
3 |
Pagtaçylyk fakulteti |
Pagtaçylyk kafedrasy
Tutçylyk we pileçilik kafedrasy
|
4 |
Däneçilik fakulteti |
Däneçilik kafedrasy
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy
|
5 |
Maldarçylyk fakulteti |
Mallary köpeltmek we idetmek kafedrasy
Mallaryň keselini anyklamak we bejermek kafedrasy
|
6 |
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti |
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasy
Tebigy süýmleri egirmek kafedrasy
Mata önümçiligi we tikinçilik kafedrasy
|
7 |
Rektorlygyň ýanynda |
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy kafedrasyÇeşme gerek
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasy
|
Çeşmeler
- ↑ "Открылся учебный центр компании «CLAAS»". Altyn Asyr. Archived from the original on 4 March 2016. Retrieved 21 November 2012.
- ↑ "S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti". Ylymlar akademiýasy. Archived from the original on 2017-07-31. Retrieved 2018-05-18.